TDU-nyň talyby “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi
435Gazagystan Respublikasynyň “Bilim-orkenieti” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine italýan dili we edebiýaty hünäriniň II ýyl talyby A.Arazberdiýewa internet arkaly gatnaşyp, GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine goşan goşandy üçin ýeňiji diýlip yglan edildi we I derejeli diplom, döşe dakylýan nyşan, şeýle hem kubok bilen sylaglandy.

