ÝUNESKO kafedralarynyň onlaýn seminary geçirildi
101Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Medeni miras: geçmişden geljege ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri UNITWIN/ÝUNESKO maksatnama toparynyň guramagynda “Geljegimizi bilelikde gözden geçirmek: Bilim üçin täze sosial şertnama” atly ÝUNESKO kafedralarynyň 3-nji online seminaryna gatnaşdylar. Seminara Portugaliýanyň Lissabon uniwersitetiniň Bilimiň geljegi boýunça ÝUNESKO kafedrasynyň wekili, hormatly rektor we professor Antonio Nowoa, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen şalygynyň Bath uniwersitetiniň ýokary bilim dolandyryşy ÝUNESKO kafedrasynyň wekili Rajani Naidoo, Meksikanyň Gwadalahara uniwersitetiniň Ýokary bilimiň we global raýatlygyň halkaralaşmagy boýunça ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri Jokelin Gadel-Awila, Keniýa döwletiniň Kenýatta uniwersitetiniň Ýaşyl ykdysadyýet we durnuklylyk üçin ýokary bilim ösüşi boýunça ÝUNESKO kafedrasynyň müdiri, Daşky gurşawy öwreniş we jemgyýeti ösdürmek kafedrasynyň uly mugallymy Dorkas Beril Otieno dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Bilimiň geljegi baradaky halkara komissiýanyň (Geljegimizi bilelikde gözden geçirmek: Bilim üçin täze sosial şertnama) 2021-nji ýyldaky neşir edilen hasabatynyň esasy maksatlary barada gürrüň etdiler we ýokary hem-de orta bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin bu hasabatdan gelip çykýan teklipleri beýan edildi. Halkara ylmy gözleg hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, ýokary bilimiň halkaralaşmagynyň birnäçe gymmatlyklaryna we ýörelgelerine, ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmäge hem-de bu ugurdaky okuwlaryň ýokary okuw mekdeplerde okadylýan dersleriň içine girizilmegine üns berildi.