Dostlukly hyzmatdaşlyk — täze ösüşlere badalga
54124-nji martda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine Bratislawadaky Slowak tehniki uniwersitetiniň professory Iwan Spanigiň iş sapary boldy. Myhman ERASMUS + maksatnamasynyň taslamasyna laýyklykda, “Inter - institutional agreement 2022-2023 between institutions from Programme and Partner Countries” (Maksatnama ýurtlarynyň we hyzmatdaş ýurtlaryň edaralarynyň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin Ylalaşyk) atly hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde uniwerstitetimiziň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda umumy okuw sapagyny geçirdi.
Okuw sapagynyň dowamynda professor Iwan Spanik “Gaz hromatografiýa we onuň ulanylyşy”, “Köp ölçegli gaz hromatografiýanyň esasy ýörelgeleri” atly mowzuklar boýunça talyplaryň arasynda sorag-jogap alyşmak arkaly gürrüňdeşlik geçirdi. Okuw sapaklarynyň iňlis dilinde alnyp barylmagy bolsa, talyplaryň dil tejribesini kämilleşdimeklerinde möhüm aýratynlyklaryň biridir.
Bu bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda gol çeken Karary esasynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň” Konsepsiýasynyň kabul edilmegi bilen, bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak babatda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdeplerini özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Talyplaryň halkara ylmy tejribeleri özleşdirmegine, ylymly, bilimli, dünýä ylymlaryndan oňyn baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmeklerinde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şeýle bimöçber işler günsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýar.
Güljahan ABDYÝEWA,
žurnalistika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.