Önümçilige gönükdirilýän ylmy işler
41523-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Ylymlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň kafedralarynyň ylmy gurnaklarynyň, ýaş mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrleriniň hem-de talyplarynyň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi.
Bilim ulgamy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarydyr meýilnamalaryna laýyklykda, ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, magistrleriň, talyplaryň ylmy-taslama işleri bilen meşgullanmagyny, aň-bilim başarnyklaryny ýokarlandyrmak, şeýle hem olaryň geljekde täze döwrebap usullarynyň üstünde işlemegine höwes döretmek, täzeçe pikirlenmek ukybyny ösdürmek ylmy-tasmala bäsleşiginiň esasy maksadydyr.
Bäsleşige ylmy gurnaklar, ýaş mugallymlar we talyplar tarapyndan taýýarlanan dürli maketleriň, programma üpjünçilikleriniň, önümleriň, web-sahypalaryň, 3D animasiýalaryň, enjamlaryň, abzallaryň 105-si hödürlenildi. Olar enjamlary, abzallary, maketleri we beýleki işläp düzmeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça sanly tehnologiýalar hem-de çig mallary, energiýany tygşytlaýjy häzirki zaman tehniki işläp düzmeler, okatmagyň hilini kämilleşdirmäge degişli döwrebap elektron okuw esbaplary we gollanmalary, programma üpjünçiligi, robot tehnikalary, Web sahypalary öz içine alýar. Şeýle hem işleriň hatarynda 3D ölçegli şekiller, kiberhowpsuzlygy we maglumat howpsuzlygy boýunça işläp düzmeler, önümçilikde, durmuş we hyzmat ediş pudaklarynda ulanylýan tehniki enjamlar, abzallar, durmuş we senagat ähmiýetli ekologiýa taýdan arassa täze önümler, galyndylary gaýtadan işlemek arkaly ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýaramly bolan önümler, dürli görnüşli taslamalar, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli akyldar şahyryň edebi döredijiligine bagyşlanan taslamalar bar.
Işleriň tehnologik çözgütleriniň ylmylygyna, täzeçilligine, döwrebaplygyna, wajyplygyna we amaly taýdan esaslandyrylyşyna, olaryň mazmunynyň, wezipeleriniň dogry we doly düşündirilişine görä eminler tarapyndan bahalandyrylyp, ýeňijileriň mynasyp orunlary kesgitlenildi.
Bäsleşigiň ýeňijileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň diplomlary, Hormat hatlary we uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylar. Ylmy-taslama işleriň önümçilige ornaşdyrylmaga mynasyplary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna oýlap tapyşyň çäklendirilen patentini almak üçin hödürlenilýär.