Ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmaga goşant goşup
162912-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň hem-de talyplarynyň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli kärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem bäsleşige ýaş alymlaryň we talyplaryň 1 müň 670-si gatnaşdy. Seljeriş topary tarapyndan bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy.
Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zoologiýa kafedrasynyň mugallymy Nedirberdi Guldurdyýew (2-nji orun — telewizor), organiki däl we analitiki himiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ýagmyr Tulekow (3-nji orun — telewizor), maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Resul Myradow (3-nji orun — telewizor), türkmen dili kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýlar Baýramowa (3-nji orun — telewizor), taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bägül Amanowa (1-nji orun — kompýuter), türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Göwher Gurbanowa (1-nji orun — kompýuter), matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Öwezowa (2-nji orun — telewizor), geografiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Arslan Bäşimow (3-nji orun — telewizor) bar.