SAÝLAWLAR ÖZ IŞINE BAŞLADY
1074Şu gün Aşgabatda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirilýär.
Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlygyna jemi 3 deputat saýlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 60 saýlaw uçastogy hereket edýär. Uçastok saýlaw toparlary 7-nji iýulda irden sagat 7:00-dan agşam 19:00-a çenli işleýärler.
Saýlawlaryň resmi taýdan geçirilýän senesinden 10 gün öň käbir sebäplere görä şol gün ýaşaýan ýerinde bolup bilmeýän Türkmenistanyň raýatlaryna möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda üç sany syýasy partiýa hereket edip, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Saýlawlaryň öň ýanynda geçirilen ýygnaklara gatnaşyjylaryň nygtaýyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasaty netijesinde döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek, syýasy ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň kepillendirilen syýasy hukuklaryny berjaý etmekleri babatda netijeli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýerleşýän 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynda hem mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin saýlawlar açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda gyzgalaňly dowam edýär. Saýlawlaryň barşy barada aýdylanda, şu gün uçastok saýlaw toparynyň guramaçylykly işleýändigini bellemek gerek.
Saýlaw uçastoklaryna geljek ýurdumyzyň raýatlary saýlan wekilleriniň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Watanymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanmak bilen, has mynasyp dalaşgärlere ses bererler.