Talyp žurnalistler üçin täze gollanma

149

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedow tarapyndan taýýarlanyp, Türkmen döwlet neşirýaty tarapyndan neşir edilen “Mahabatyň esaslaryˮ atly täze okuw kitabynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhüm ugry bolan mahabat syýasatynyň düýp manysy, onuň aýratynlyklary hem-de guralyşy barada söhbet edilýär.
Okuw kitabynda mahabatyň ähmiýetine, onuň görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilmek bilen, mahabatyň gelip çykyşy we onuň ösüş ýoly, toparlara bölünişi, žurnalistika we piar işi, esasy žanrlary, mahabat tekstleri, täsir ediş ýollary barada maglumatlar ýerleşdirilendir.
Kitapda şeýle hem mahabat bildirişiniň aýratynlyklary, häzirkizaman mahabat strategiýalary, mahabat bazary, mahabaty ýaýradyş serişdeleri, gazet redaksiýasynda mahabat nyrhy we nusga syýasaty hakynda giňişleýin düşünje berilýär. Metbugat neşirlerinde mahabat ýerleşdirmegiň aýratynlyklary, telewideniýedäki we radiodaky mahabatyň özboluşly taraplary, internetde mahabat ýerleşdirmegiň aýratynlyklary, mahabat beriji we KHBS ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşylar.
Mälim bolşy ýaly, mahabat döwrüň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bu ulgamyň işi kämilleşýär we barha giň gerimler bilen ýaýbaňlanýar. Häzirki döwrüň talaplaryndan ugur almak bilen, bazar gatnaşyklary şertlerinde KHBS-de mahabatyň ornunyň has-da artýandygy göz öňüne tutulup, habar beriş serişdelerinde mahabat (reklama) işleriniň ýola goýluşynyň talyplar tarapyndan özleşdirilmegi bu ugurdan bilim alýan ýaşlar üçin örän ähmiýetlidir.
Milli Lidrimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň okuw kitaplaryny taýýarlamak, döwrebap hünärmenleri ýetişdirmek babatdaky öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp neşir edilen bu kitap žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplardyr mugallymlar, gazet-žurnallaryň, telewideniýe we radioýaýlymlarynyň işgärleri üçin niýetlenilendir. Kitap mahabat işi bilen gyzyklanýan hünärmenlere hem peýdaly bolup biler.


Halmyrat ÝUWŞANOW
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika kafedrasynyň müdiri

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30