Italiýaly binagär talyplarymyz bilen okuw sapagyny geçirdi
212Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Italýan dizaýnynyň günleriniň çäklerinde Italiýanyň “Foskarini” kompaniýasynyň utgaşdyryjysy, italýan binagäri Matteo Urbinatiniň “Italýan dizaýnynyň güni” mynasybetli “Ýagtylandyryş hili. Adamlar we daşky gurşaw üçin abandançylyk dizaýny” atly temadaky okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyna Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Luiji Ferrani hem-de ilçihananyň beýleki wekilleri, uniwersitetiň italýan dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymlary, italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyplary gatnaşdylar.
Binagär saparyň dowamynda italýan ýagtylandyryş ulgamynyň taryhy, onuň döreýşi, häzirki wagtdaky ösüşi hem-de geljekki ugurlary barada gyzykly maglumatlary berdi. Italiýada häzirki wagtda öndürilýän yşyklandyryş enjamlarynyň dizaýny, olary öndürmekligiň ekologik taýdan ähmiýetli taraplary barada hem bellenilip geçildi.
Italiýanyň meşhur ýagtylandyryş ulgamy bilen geçirilen tanyşlyk sapagynyň ahyrynda gatnaşyjylar bilen gyzykly soraglar we jogaplar alşyldy. Aýratyn hem şular ýaly okuw sapaklarynyň geçirilip durulmagy, ýakary okuw mekdebimiziň italýan dili hünärinde okaýan talyplarymyzyň dil taýýarlyklarynyň kämilleşmegine ýardam berýär.
Aýsoltan MERETMUHAMMEDOWA,
roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy.