Türkmen dili we edebiýaty fakulteti

14216


Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan.
Fakultetde türkmen dili, türkmen edebiýaty, žurnalistika, pedagogika kafedralary hereket edýär, olarda türkmen dili we edebiýaty, žurnalistika hünärleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Fakultetde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijiliginde watançylyk terbiýesiniň pedagogik esaslary; häzirki zamanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmegiň esasy ugurlary; türkmen edebi dili we sözleýiş medeniýeti; türkmen dili we edebiýaty ylymlarynyň häzirki zaman ösüşiniň täze ylmy ugruny kesgitlemek; edebiýat ylmynyň täze gurluşyny we bu ulgamyň her bir pudagynyň aýratynlyklaryny ylmy taýdan kesgitlemek; türkmen dili we edebiýaty ylymlaryna dünýä filologiýa ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Fakultetiň uçurymlaryna türkmen dili we edebiýaty, žurnalistika hünärleri boýunça degişlilikde “filolog, mugallym”; “žurnalist, türkmen dili we edebiýaty mugallymy” kärleri berilýär. Olar okuwy tamamlanlaryndan soňra bilim edaralarynda, ylmy-barlag institutlarynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem-de beýleki edara-kärhanalarda işläp bilýärler.


Paýlaş

Okuw

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan. Fakultetde türkmen dili, türkmen edebiýaty, ž [...]

Fizika fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan. Fakultetde türkmen dili, türkmen edebiýaty, ž [...]

Himiýa fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan. Fakultetde türkmen dili, türkmen edebiýaty, ž [...]

Taryh fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan. Fakultetde türkmen dili, türkmen edebiýaty, ž [...]

Hukuk fakulteti

Fakultet 1931-nji ýylda esaslandyrylan. Fakultetde türkmen dili, türkmen edebiýaty, ž [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30