Saýlaw – 2023: Milli demokratiýanyň aýdyň ýolunda

172

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kiçi mejlisler zalynda ýurdumyzda 26-njy martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mynasybetli dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasy tarapyndan Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärlige hödürlenen Kasymguly Gulmyradowiç Babaýew gatnaşdy.
Bilşimiz ýaly, şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, ähli ýerlerde saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna, wekilçilikli ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler.
Şu günki duşuşykda hem saýlawçylar dalaşgäriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, onuň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyş boldular. Dalaşgäriň maksatnamasynda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdygy onuň çykyşynda öz beýanyny tapdy.
Geçirilen duşuşygyň barşynda dalaşgär saýlawçylaryň sowallaryna jogap berip, özüniň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň käbir ugurlaryny anyklaşdyrdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilimini, ukyp-başarnygyny, tejribesini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Şu gezekki saýlaw möwsümi möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäredir. Ol demokratik ýörelgeleri giňeltmäge, syýasy-jemgyýetçilik özgertmeleri çuňlaşdyrmaga we ýurdumyzda raýat aňyýetini täze derejä çykarmaga ýardam berer.

«Türkmen uniwersiteti».

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm