Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşygy arkaly okuw sapagy geçirildi
131Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 15-nji martynda “Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Parahatçylyk – baş maksadymyzdyr” atly göni wideoaragatnaşygy arkaly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna taryh fakultetiniň taryh hünäriniň 1-nji ýyl talyplary, ýaş mugallymlar, uniwersitetiň Medeni miras: geçmişden geljege ÝUNESKO kafedrasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary täsirli çykyş etdiler. Çykyşlarda parahatçylygyň türkmen halkynyň esasy ýörelgesi barada, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu babatda alyp barýan uly işleri, “Ösüş arkaly parahatçylyk” şygary astynda döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy barada söhbet edildi. Talyplar okuw sapagyna işjeň gatnaşdylar, sorag-jogap alyşdylar.