SAÝLAWLAR ÖZ IŞINE BAŞLADY

216

Şu gün Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, ähli saýlaw okruglarynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek çäresi başlandy. Bu derwaýys syýasy-jemgyýetçilik wakasyna ähli türkmenistanlylar uly ruhubelentlik bilen gatnaşýar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň habar berşi ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ähli tapgyrlary hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda öz wagtynda guraldy. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ilkinji iki tapgyry – dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak işleri Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda geçirildi. Umumy ykrar edilen halkara kadalary hasaba almak bilen, giň bäsdeşlik esasynda guralýan demokratik saýlawlary geçirmek üçin binýat goýuldy. Muňa laýyklykda, bu gün ýurdumyzda döredilen 2644 saýlaw uçastogynyň ählisi ses bermegi guramaga doly taýýar. Şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen saýlaw uçastoklarynyň 42-si saýlawçylara garaşýar. 
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýerleşýän 1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugynda hem mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin saýlawlar açyklyk we aýanlyk ýörelgeleri esasynda gyzgalaňly dowam edýär. Saýlawlaryň barşy barada aýdylanda, şu gün uçastok saýlaw toparynyň guramaçylykly işleýändigini bellemek gerek.
Maglumat hökmünde belläp geçsek, eziz Diýarymyzda okrug saýlaw toparlarynyň 125-si hem-de etraplardaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň 572 sany saýlaw toparlary döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si, hususan-da, Aşgabat şäherinde 17-si, Ahal welaýatynda 16-sy, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 27-si, Lebap welaýatynda 26-sy, Mary welaýatynda 29-sy döredildi. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 240-sy – welaýatlaryň her birinde we Aşgabat şäherinde 40-sy döredildi. Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça etraplaryň we şäherleriň hersinde degişli saýlaw okruglarynyň 20-si – jemi 960-sy: Ahal welaýatynda 140, Balkan welaýatynda 180, Daşoguz welaýatynda 160, Lebap welaýatynda 180, Mary welaýatynda 220, Aşgabat şäherinde 80 okrug döredildi.
Saýlawlar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde saklanýar. Degişli maglumatlardyr täzelikler gyzgyny bilen metbugatda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda ildeşlerimize ýetirilýär.

Ogulbagt SUHANOWA,
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
(12) 94-67-30 / 94-61-59
Email:
tdu@online.tm