Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

2087

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy boýunça ders bäsleşigi geçirildi. Ýokary okuw mekdebi tarapyndan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralan bäsleşige paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň hem-de welaýatlaryň umumybilim berýän mekdeplerinden 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň esasy maksady okuwçylarda Türkmenistanyň taryhy dersine höwes döretmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmakdan, türkmen halkynyň baý medeni mirasyna, şöhratly geçmişine söýgi döretmekden, taryhy maglumatlary, belli seneleri özleşdirip başarmak ukybyny ýüze çykarmakdan, olaryň bu ugurdaky düşünjeleri bilen tanyşmakdan, orta we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakdan ybaratdyr.
Onlaýn görnüşde geçirilen ders bäsleşigine gatnaşyjylara degişli ders boýunça umumy soraglary çözmek üçin 60 minut wagt berildi. Eminler topary jogap berlen sowalnamalary adalatly bahalandyryp, ýeňijileri yglan etdiler. Şeýlelikde, şu aşakdakylar Türkmenistanyň taryhy boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň ýeňijileri boldy:

10-njy synp
1.Şöhradowa Selbi - Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy I orun;
2.Ýagmyrowa Bägül - Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy II orun;
3.Gurbangeldiýewa Altyn - Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy II orun;
4.Geldisaparow Kowus - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy III orun;
5.Şamyradow Hojanazar - Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy III orun;
6.Rüstemmyradowa Ogulgerek - Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy III orun.

11-nji synp
1.Altyýew Hydyr - Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Daşoguz şäherindäki Alp Arslan adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy I orun;
2.Döwletow Atajan - Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
3.Ýakubow Muhammetmyrat - Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
4.Eminowa Jennet - Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
5.Babaýew Gulmyrat - Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun.

11-nji synp (12 ýyllyk)
1.Annanazarowa Çeper - Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy I orun;
2.Kuwwatgeldiýewa Eneş - Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
3.Annagurbanow Muhammetaly - Mary şäheriniň 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy II orun;
4.Çaryýewa Şeker - Mary welaýatynyň Mary etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
5.Gylyjowa Oguljemal - Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
6.Begenjow Daýanç - Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
7.Myradow Agamergen - Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun;
8.Otuzow Selim - Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy III orun.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30