«Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
66922-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýakynda çap edilen «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar ulgamlary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa degişli ulgamlaryň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, magtymgulyşynaslar, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Turuwbaşdan işjeň häsiýet mahsus bolan tanyşdyrylyş çäresinde, ilki bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň ýurdumyzda we bütin dünýäde uludan dabaralandyrylyşy, onuň döwletimiziň we halkymyzyň durmuşyndaky orny hakda edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirdi.
Soňra degişli ulgamlaryň wekilleriniň, magtymgulyşynaslaryň, professor-mugallymlaryň çykyşlaryna uly orun berildi. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Magtymguly» atly kitap akyldar şahyryň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik barada filosofik garaýyşlaryny beýan edýän, türkmen tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän şygyrlaryny öz içine alýan ajaýyp ýygyndydyr. Onuň söz ussadynyň 300 ýyllyk ýubileý toýunyň baýram edilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, şu mynasybetli birnäçe halkara derejedäki çäreleriň geçirilýän günlerinde, paýtagtymyzyň günorta künjeginde bina edilen belent heýkeliniň we adybir medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gabatlanyp, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Sowgatlyk ýygyndy halkymyzyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp eserleri bilen türkmen, rus, iňlis dillerinde tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Onuň Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndaky suratlar bilen bezelmegi kitabyň täsirligini has-da artdyrýar. Milli Liderimiziň we döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň ruhy şamçyragynyň edebi mirasyny öwrenmek, dünýä ýaýmak ugurly şeýle beýik işler ildeşlerimizi has-da döredijilikli hem-de yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Dabara bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň eýwanynda alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň, türkmen we daşary ýurt dillerinde neşir edilen goşgularynyň ýygyndylarynyň, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Talyplaryň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary ýetirmegi çärä aýratyn öwüşgin berdi.