Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak isleýänleriň resminalary kabul edilýär

1542

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2024/2025-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär:

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär bilimli, ýaşy 25-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 29-njy maýyndan 10-njy iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
- soňky okuw ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
- Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusga boýunça sowalnama;
- hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji 2 sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);
- şahsy pasportynyň nusgasy;
- raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama (bar bolsa) (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) hem-de HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen iňlis dili boýunça Upper Intermediate we ondan ýokary okuw şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
- ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň we ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolan ýagdaýynda) we resminamalaryň göçürmesi we tassyklanan terjimesi;
- umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi.
Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;
- diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- hytaý dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da hytaý dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler:
- Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).
Resminamalaryň terjimeleri iňlis dilinde bolmalydyr.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2024-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçirilýär.
Söhbetdeşlik umumybilim berýän derslerden geçirilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29; e-mail: tdu@tdu.edu.tm
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30