“Akylly” şäheri wasp etmek boýunça şygryýet bäsleşigi geçirildi

410

23-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň arasynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli “akylly” şäheri wasp etmek boýunça “Arkadagyň paýhasyndan nur alýan şäher” atly şygryýet bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy dünýä tanatmakda, gülledip ösdürmekde alyp barýan işlerini, ata Watanymyzyň gözelligini wasp edýän şygyrlaryny okap berdiler. Ikinji şertinde Arkadag şäheriniň keşbini gözelliklerini taryp edýän goşgulary bilen çykyş etdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Kerimberdi Hakberdiýew bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Şeýle-de, talyplar Didaraly Erkäýew ikinji orna, Enejan Hanowa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Diplom we sowgatlar bilen sylaglanyldy. Joşgunly goşgulary bilen tapawutlanan beýleki talyplara hem sowgatlar gowşuryldy.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30