Makala ýazmak boýunça bäsleşigiň jemi jemlendi

568

Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2024-nji ýylyň mart – aprel aýlary aralygynda «Magtymguly Pyragy – köňülleriň şamçyragy» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndaky «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 17-nji bendine laýyklykda, ýaşlary ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüjilik, agzybirlik, jebislik duýgularyny, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny has-da ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak hem-de talyplaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady boldy.
Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň makalalarynyň 60-a golaýy gelip gowuşdy. Hödürlenen işler seljerildi hem-de «Magtymguly Pyragy – köňülleriň şamçyragy» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri öwrenilip, aşakdakylar ýeňiji orunlar kesgitlenildi.

1.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünärinde okaýan talyplar

I orun – Gülnar Geldimyradowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
II orun – Gurbanmyrat Aşyrow, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby;
II orun – Toýly Muhammetdurdyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň talyby;
III orun – Agabaý Akmyradow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bedenterbiýe fakultetiniň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby;
III orun – Ogulgerek Muhammetmyradowa, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalisika hünäriniň talyby;
III orun – Gyzylgül Amanlyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

2.Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň beýleki hünärlerinde okaýan talyplar

I orun – Begenç Amaşow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby;
II orun – Annabeg Aýmakowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dilini okatmagyň usulyýeti hünäriniň talyby;
II orun – Sahydöwlet Hümmetjumaýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby;
II orun – Muhammetnur Mahtumow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby;
II orun – Käbe Sarenko, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Teatr sungaty” fakultetiniň talyby;
II orun – Mähri Alymowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň talyby;
III orun – Aýna Geldimyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby;
III orun – Ymammuhammet Seýidow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň talyby;
III orun – Batyr Ilamanow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby;
III orun – Gurbangeldi Maşadow, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň talyby;
III orun – Döwletgeldi Töräýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby;
III orun –Hoşgeldi Paýzyýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30