Ylymlar güni mynasybetli maslahat geçirildi
4446-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Pahim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly we Ylymlar güni mynasybetli “Ylmyň ösdürilmegi we tehnologiýalaryň döwrebap kämilleşdirilmegi – ýurdumyzyň durmuş-ykdysady üstünlikleriniň özeni” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işi umumy mejlisden we “Takyk ylymlar ulgamynyň ösdürilmegi – innowasion ösüşleriň özeni”, “Ylym-bilim ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmeginde maglumat tehnologiýalarynyň orny”, “Fizika ylmynda we nanotehnologiýalarda ýetilen sepgitler ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmegiň möhüm ugrudyr”, “Ýurdumyzda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary”, “Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini gazanmakda biologiýa we psihologiýa ylymlarynyň orny”, “Ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary”, “Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ösüşinde ynsanperwer ylymlarynyň orny”, “Iňlis dilini we edebiýatyny okatmagy kämilleşdirmek bilimli nesli kemala getirmegiň möhüm ugrudyr”, “Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek – ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň esasy şerti”, “Taryhy-medeni mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegiň amaly we usuly ähmiýeti”, “Magtymguly Pyragynyň adalat jemgyýetini gurmak baradaky garaýyşlary ýurdumyzyň durnukly ösüşini berkarar etmegiň esasydyr” atly bölümleriň 11-sinden ybarat boldy. Olara uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, magistrleriniň, talyplaryň, şeýle-de ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralardan hünärmenlerden 460-dan gowragy ylmy nutuklar meýilleşdirildi.
Maslahatda ýurdumyzda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, ynsanperwer ylymlary boýunça çykyş edip, ylmyň durmuşa, önümçilige ornaşdyrylyşy, ruhy-ahlak taýdan aňyýeti kämilleşdirmekdäki orny bilen baglanyşykly ylmy, ylmy-amaly, ylmy-usuly häsiýetdäki çykyşlar diňlenildi.
Maslahatyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw binasynyň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary we beýik söz ussadynyň edebi mirasy bilen baglanyşykly okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň we talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.