“Magtymguly Pyragynyň we A.S.Puşkiniň şygryýet dünýäsi” atly dabaraly maslahat geçirildi
11516-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we gündogar dilleri fakulteti tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “2024-nji “Pähim-payhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli “Magtymguly Pyragynyň we A.S.Puşkiniň şygryýet dünýäsi” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplary hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň pelsepewi pikirleriniň teswiri, Magtymgulynyň döredijiliginde Gündogar rowaýatlary, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda maşgala mukaddesligi, Magtymguly Pyragynyň şygryýetinde meňzetmeler, akyldar şahyryň edebi mirasy häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kämil ýaş nesli kemala getirmekdäki hyzmaty, berkarar döwletimiziň beýik ösüşleri Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsinde ýaly nutuklar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen Hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly üstünliklerini wasp edýän “Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz”, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” aýdymlary, hem-de Magtymgulynyň “Diwana boldum indi”, “Derdi meni” goşgularyna ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi.
Dabaraly maslahat bilen ugurdaş Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna degişli ýygyndylaryň, goşgular toplumynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan taslamalaryň, bilim, ylym we sport işlerinde gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.