Sport ýaryşlaryna badalga berildi
16817-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda fakultetleriň arasynda geçiriljek sport ýaryşlaryna badalga berildi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçydyr sazandalarynyň, tansçylarynyň şowhunly çykyşlary hem dabara özboluşly äheň berdi.
Düzgünnama laýyklykda, ýaryşlar woleýbol, basketbol, kiçi futbol, küşt, düzzüm, stol tennisi, göreş, ýeňil atletika ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçiriler. Häzirki wagtda ýaryşlar sportuň woleýbol görnüşi boýunça dowam edýär.