Hindistanda jogapkärli emeli aň boýunça sertifikatlaşdyrylan okuwlar geçirildi

128
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmek bilen baglanyşykly beren tabşyryklaryndan ugur alyp, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
2025-nji ýylyň 9-22-nji fewraly aralygynda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Ýusup Nazarow Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde Hindistan Respublikasynyň Deli şäherindäki Ýokary hasaplaýyş ösüş merkezinde (Centre for development of advanced computing, Delhi) geçirilen “Jogapkärli emeli aň boýunça sertifikatlaşdyrylan okuwlaryna (Certificate course in responsible artificial intelligence)” gatnaşdy.
Kämil hasaplamalary ösdürmek merkezinde “Jogapkär emeli aň bilen bagly sertifikatlaşdyrylan okuwy” atly okuw maslahatynyň baş maksady emeli aň esasynda işleýän programmalar bilen tanyşmak, olaryň mümkinçiliklerine we kemçiliklerine göz ýetirmek, şeýle-de, emeli aňyň berýän netijesine dogry we dürs baha bermek, ýagny analiz etmekden ybarat boldy. Merkeziň wekilleri tarapyndan “Emeli aňyň özgerişi”, “Maglumatlary saýlamaklygyň usullary”, “Lokal emeli aňynyň ulanylyşy” we beýleki temalar boýunça sapaklar geçirildi, maşyn öwrenmesiniň taryhyna, ösüş tapgyrlaryna, emeli aňy düşünjesine has çuň girişmek üçin dürli ýumuşlar ýerine ýetirildi. Mugallymlar bilen iş tejribesi paýlaşyldy we geljekde hyzmatdaşlygyň dürli görnüşli ugurlary boýunça pikir alşyldy.





Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30