Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy umumy sapak geçdi
7611-nji martda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Mihail Rahmanowyň alyp barmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary üçin «Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň zenanlary goramak ugrunda alyp barýan işi we dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy gollamakda zenanlaryň orny» atly umumy okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilip, oňa uniwersitetiň fakultetleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Umumy okuw sapagynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary ykdysady syýasatynyň özeni bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyz abraýly halkara guramalary bilen ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Okuw sapagynda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berildi. Umumy okuw sapagyna gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.