Talyp durmuşy

8765

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary bilen bir hatarda olaryň sapaklaryndan boş wagtlary medeniýetli dynç almaklary, çeper hem ylmy döredijilik, şeýle-de sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.
Uniwersitetde “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkezi hereket edýär. Onuň düzümindäki aýdym-saz topary, talyp gyzlardan ybarat bolan “Diýar” tans topary, “Kyrk gyz” gopuzçylar topary, dutarçylar topary, folklor topary estrada we halk aýdymlary, tanslary bilen ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýarlar.
Ýokary okuw mekdebiniň talyplary Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” gözellik bäsleşigine, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigine, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda “Ýylyň talyby” döwlet bilim bäsleşigine hem-de döwlet we halkara derejesinde geçirilýän beýleki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar.






Paýlaş

Talyp durmuşy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary bilen [...]

Muzeýler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary bilen [...]

Gallereýa

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary bilen [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30