Talyplar sport kluby
1993Talyplar sport kluby professor-mugallymlary we talyplary sporta köpçülikleýin çekmek, olaryň fiziki mümkinçiliklerini gözläp tapyp, ony ösdürmek, tejribede giňden ulanmak, bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylan döwrebap tejribäni öwrenmek hem-de ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar.
Talyplar sport kluby tarapyndan sportuň 20-den gowrak görnüşi boýunça gurnaklar hereket edip, tejribeli türgenleşdiriji-mugallymlar tarapyndan professor-mugallymlar we talyplar bilen sportuň görnüşleri boýunça meýilnamalaýyn esasda okuw-türgenleşik işleri alnyp barylýar.
Talyplar sport kluby Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygar astynda ýylyň-ýylyna geçirilýän Uniwersiadalara, halkara derejesindäki ýaryşlara, ýurdumyzda şanly seneler we döwlet baýramçylyklary mynasybetli geçirilýän sport ýaryşlaryna, Türkmenistanyň Açyk çempionatlaryna professor-mugallymlary we talyplary taýýarlap, olaryň guramaçylykly we talabalaýyk gatnaşmagyny üpjün edýär. Şeýle-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fakultetleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraýar.