Talyplar sport kluby

3577

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gurlup ulanmaga berlen sport toplumy döwrebap sport okuw-türgenleşik işlerini geçmek üçin niýetlenen enjamlary bilen üpjün edilen.
Talyplar sport kluby professor-mugallymlary we talyplary sporta köpçülikleýin çekmek, olaryň fiziki mümkinçiliklerini gözläp tapyp, olary ösdürmek, tejribede giňden ulanmak, bedenterbiýe we sport ulgamynda gazanylan döwrebap tejribäni öwrenmek hem-de ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barýar.
Talyplar sport kluby tarapyndan sportuň 20-den gowrak görnüşi boýunça gurnaklar hereket edip, tejribeli türgenleşdiriji-mugallymlar tarapyndan professor-mugallymlar we talyplar bilen sportuň görnüşleri boýunça meýilnamalaýyn esasda okuw-türgenleşik işleri alnyp barylýar.
Talyplar sport kluby Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly şygar astynda ýylyň-ýylyna geçirilýän uniwersiada, halkara derejesindäki ýaryşlara, ýurdumyzda şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän sport ýaryşlaryna, Türkmenistanyň Açyk çempionatlaryna professor-mugallymlary we talyplary taýýarlap, olaryň guramaçylykly we talabalaýyk gatnaşmagyny üpjün edýär. Şeýle-de Talyplar sport kluby Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fakultetleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guraýar.


Paýlaş

Talyp durmuşy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gurlup ulanmaga berlen sport toplumy dö [...]

Muzeýler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gurlup ulanmaga berlen sport toplumy dö [...]

Gallereýa

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gurlup ulanmaga berlen sport toplumy dö [...]

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30