Ýerewan döwlet uniwersitetiniň wekilleri bilen onlaýn ylmy-amaly maslahat guraldy
69030-njy maýda "Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniweristeti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnamanyň" çäginde professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy — Gündogaryň beýik şahyry we akyldary» atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Onlaýn ylmy-amaly maslahatda degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň çykyşlaryna uly orun berlip, olar Magtymguly Pyragynyň eserleriniň diliniň çeperçiligi, many-mazmuny, şahyryň şygyr mirasynyň Günogaryň döwürleýin neşirlerinde beýan edilişi, akyldaryň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Ermenistanly alymlaryň bu ýurtda Magtymgula bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň, onuň döredijiliginiň ýaýradylmagy üçin alnyp barylýan işleriň mazmuny, türkmen şahyrynyň eserleriniň ermeni dilindäki terjimeleriniň aýratynlyklary barada aýdanlary-da maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde döredilen «Milli miras: geçmişden geljege» atly ÝUNESKO kafedrasynyň ýolbaşçysynyň medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti hakda çykyşy hem örän ýerlikliligi bilen tapawutlandy.
Maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň çykyşlaryna hem gezek berlip, olar akyldar şahyryň şygyrlaryndan birnäçesini okadylar. Talyplaryň Magtymguly Pyragy bilen Jelaleddin Rumynyň döredijiliginiň özboluşlylyklaryna, türkmen şahyrynyň iňlis diline terjime edilen eserlerine, akyldaryň şygyrlaryny terjime eden terjimeçilere bagyşlap taýýarlan çykyşlary-da many-mazmuna baý boldy.