«SAPAR EÝLÄP BARSAK NOWŞAH MÜLKÜNE...» Azerbaýjanda akyldar şahyrymyza bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

770

17-nji noýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň guramagynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzdan hem wekiliýet gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde halkara ylmy maslahata gatnaşmak maksady bilen, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary hem Baku şäherinde saparda boldular.
Käbir ylmy hem edebi çeşmelerde Magtymgulynyň Azerbaýjana-da syýahat edendigi hakda maglumatlar bar. Şahyr bu topraklary:
Sapar eýläp barsak Nowşah mülküne,
Köňül isläni dek ýaýlahlary bar.
Seýran etsek gunçasyna-gülüne,
Bakjasynda bilbil oýnahlary bar —
diýip wasp edipdir...
Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň binasynda geçirilen maslahatda, ilki bilen, Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti akademik Isa Habibeýli we Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow giriş sözi bilen çykyş etdiler. Soňra Türkmenistanyň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň surata düşüren «Hakyň guly — Magtymguly» atly dokumental filminiň görkezilmegi çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Azerbaýjanly magtymgulyşynaslar, ylmy işgärler, edebiýatçydyr dilçiler bilen taýýarlanan söhbetli görnüşlerden ybarat filmde beýik türkmen şahyrynyň pelsepewi, sopuçylyk garaýyşlary, olaryň adamzat durmuşyndaky orny barada giňden durlup geçildi.
Soňra maslahat türkmen we azerbaýjan alymlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň baş direktory Teýmur Karimli ýurduň ylmy jemgyýetçiliginde Magtymgulyny öwrenmek boýunça dürli ýyllarda alnyp barlan we häzirki wagtda dowam edýän işler hakda durup geçdi. Ol azerbaýjanly G.Arasly, A.Dadaşzade, P.Halylow, F.Ahmedowa, R.Asker, A.Şamil ýaly edebiýatçylaryň, S.Kazymogly, A.Hüseýinzada, S.Mümtaz, H.Sadyky, E.Abid, Y.Soltan ýaly terjimeçileriň, M.Ibragimow, F.Alyýew, I.Waliýew ýaly ýazyjylaryň beýik türkmen danasynyň döredijiligine degişli ylmy gözleglerini, terjimelerini, çapa taýýarlan neşirlerini, ýazan makalalaryny mysal getirip, olaryň her biriniň şahyryň köpöwüşginli dünýäsiniň açylmagynda ähmiýetlidigini nygtady. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde türki dilli edebiýatyň gadymy däpleriniň ulanylyşy, ösdürilişi, onuň bu halklaryň milli edebi şahsyýetleriniň döredijiligine ýetiren täsiri Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň türki halklaryň edebiýaty bölüminiň müdiri Mämmed Aliýewiň çykyşynda öz beýanyny tapdy. Baku döwlet uniwersitetiniň türkologiýa barlaglary ylmy-gözleg barlaghanasynyň müdiri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi professor Ramiz Asker söz ussadynyň eserlerini azerbaýjan diline terjime etmegiň aýratynlyklaryna, şahyryň goşgularynyň many-mazmunyna, terbiýeçilik ähmiýetine seljerme berdi. Terjimeçi alym 2010-njy ýylda şahyryň 400 sahypadan gowrak saýlanan eserlerini azerbaýjan diline geçirendigini, ýene-de şeýle kitaby çapa taýýarlamagyň özüne ynanylmagyny we onuň çap edilmegini uly hormat hasaplaýandygyny guwanç bilen beýan etdi. Alym Feruza Agaýewa ylym dünýäsinde ýeten derejelerini, aýratynlykda, Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrýandygyny aýtmak bilen, 2006-njy ýylda söz ussadynyň eserlerine we öwrenilişine bagyşlap iki neşiri çapa taýýarlandygyny, şeýle hem häzirki wagtda-da şahyryň döredijiligi we golýazmalary boýunça seljermelerini dowam etdirýändigini habar berdi.
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlary hem ylmy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň filologiýa we hukuk ylymlary bölüminiň müdiri Göwher Geldiýewanyň çykyşy, esasan, jahankeşde türkmen şahyrynyň şygyrlarynda azerbaýjan topragynyň beýan edilişi, bu halkyň nusgawy şahyrlarynyň akyldaryň döredijiligine ýetiren täsiri hakynda boldy. TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Gözel Allakowa belli alymlarymyz Ramazan Gurbanowyň «Magtymgulynyň ussatlygy we dili», Ruhy Alyýewiň «Azerbaýjanlaryň we türkmenleriň edebi gatnaşyklarynyň taryhyndan» atly ylmy makalalaryny agzamak bilen, beýik söz ussadynyň azerbaýjan halky tarapyndan öz milli şahyrlaryndan saýry görülmän, söýlüp okalýandygynyň örän guwandyryjydygyny belledi. Gündogar we Günbatar edebi akymlarynda Magtymgulynyň döredijiligindäki, sopuçylyk garaýyşlaryndaky umumy hem tapawutly taraplar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri Amannepes Şyhnepesowyň çykyşynyň özenini düzdi. Şeýle hem magtymgulyşynas alym şahyryň filosofik garaýyşlarynyň beýany, onuň ömür ýoly, eserleriniň daşary ýurt dillerine terjime edilişi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny Türkmenistanda we dünýäde uludan toýlamak boýunça alnyp barylýan işler hakda gürrüň berdi.
Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde azerbaýjan dilinde täze neşir edilen «Magtymguly Pyragy. Saýlanan eserler» atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy. Ramiz Askeriň terjimesi esasynda Türkmenistanyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen bu kitap ylmy maslahata gatnaşanlara sowgat berildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlaryndan birnäçesini labyzly okap bermegi dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Jemläp aýdanymyzda, bu çäre Magtymgulynyň edebi mirasyny daşary ýurtlara ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary bilen, beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň şu günlerden bütin dünýäde uly dabaralara beslenýändigini nobatdaky gezek äşgär etdi.
Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30