GDA gatnaşyjy döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumy
982025-nji ýylyň 14-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde ýerleşýän Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň jaýynda GDA gatnaşyjy döwletleriniň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: ynsanperwer hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikler” atly XVIII forumy öz işine başlady. Bu foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Günüň birinji ýarymynda, plenar mejlisde GDA gatnaşyjy döwletleriň wekilleri, şol sanda Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň prorektory B. Gutlymyradow dagylar çykyş etdiler.
Soňra “Arkalaşyk halklarynyň beýik Ýeňşe goşandy” atly panel görnüşli duşuşygy geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Ylym bölüminiň başlygy M.Hojagulyýewiň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat ugurlary dogrusynda alnyp barylýan işleri beýan edildi. Aýratyn ünsi ýurdumyzdaky Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işlere çekildi.
Şeýle hem, türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda beýik Ýeňşe goşandy hakyndaky meseleler boýunça pikir alşyldy.
Forumyň dowamynda, Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň gaznasyna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň kitaplary sowgat berildi.

27/05/2025