Aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi
8127-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiniň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Bagtyýar çagalar Watan geljegi, Arkadagly Serdar — halkyň Gerçegi» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrülendigi, çagalar üçin sagaldyş we medeni dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berlendigi barada giňişleýin bellenildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmekde alyp barýan asylly işleri barada buýsanç bilen durlup geçildi. Dabara gatnaşyjy çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlardyr goşgular arkaly beýan etdiler.
Baýramçylyk çäresinde Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň aýdymçylary hem-de skripkaçylar, klarnetçiler, fleýtaçylar toparlary tarapyndan milli we dünýäniň nusgawy aýdymlardyr sazlary ýerine ýetirildi. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjy çagalaryň pikirleniş çalasynlygyny barlamak maksady bilen, matallary aýtmak we olary dowam etdirmek bilen baglanyşykly bäsleşikler geçirildi.
Baýramçylyk çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjy çagalara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.