Sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan türgenler sylaglanyldy
452-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara we döwlet derejesinde geçirilen sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mugallymlary we talyplary sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabarada edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkara sport ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik eden türgenleri sylaglamak indi asylly däbe öwrülip, bu dabara olaryň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrar edilmegidir. Uniwersitetiň mugallymlarydyr talyp türgenleri hem ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar.
Soňra uniwersitetiň halkara we döwlet derejesinde geçirilen sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan mugallymlary we talyplary sylaglanyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary toparynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda basketbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.