Ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi
813-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Ylymlar güni mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň kafedralarynda hereket edýän ylmy gurnaklaryň, ýaş mugallymlaryň, aspirantlaryň, magistrleriň hem-de talyplaryň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige ylmy gurnaklar, ýaş mugallymlar we talyplar tarapyndan taýýarlanan dürli maketleriň, programma üpjünçilikleriniň, önümleriň, web-sahypalaryň, 3D animasiýalaryň, enjamlaryň, abzallaryň 100-e golaýy hödürlenildi.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary çykyş etdiler. Ýaşlaryň ylmy-döredijilik zehinlerini ýüze çykarmakda durmuşa geçirilýän tutumly işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Ýeňijiler Diplomlar, Hormat hatlar we uniwersitetiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Bäsleşik bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň we monografiýalarynyň sergisi guraldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.