Uniwersitetimizden ýaş alymlar sylaglanyldy

91

12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir.

Bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden aşakdakylar ýeňiji boldular:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň mugallymy Şemşat Aşyrmuhammedowna Berdiýewa (1-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň aspiranty Aýgözel Kakamyradowna Işadowa (1-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Didar Amanmuhammedowiç Amanmuhammedow (2-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Aýbölek Baýramgeldiýewna Goçyýewa (2-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ymammuhammet Çaryýarmuhammedowiç Şamämmedow (2-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýnur Isagulyýewna Semetowa (3-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Şatlyk Şamyradowiç Salamow (1-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Begenç Baýrammyradowiç Amaşow (2-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby Akgyz Maksadowna Annaýewa (3-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Sähragül Geldimyradowna Garlyýewa (3-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Aýnur Gurbanbaý gyzy Orunbaýewa (3-nji orun);
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Sähet Merdanowiç Saryýew (3-nji orun).


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30