«Ýaşlaryň arasynda reproduktiw saglygyň wajyplygy» atly okuw sapagy geçirildi
6713-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) reproduktiw saglygy boýunça bölüm müdiri Maýagözel Kuliýewanyň alyp barmagynda «Ýaşlaryň arasynda reproduktiw saglygyň wajyplygy» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna uniwersitetiň fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar.
Okuw sapagynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şol syýasata laýyklykda, sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri şol syýasatyň esasyny düzýär.
Bu ugurda alnyp barylýan durmuş syýasaty, ykdysady we medeni özgertmeler, ilkinji nobatda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, ýaş nesliň sagdyn durmuşda ýaşamagyna, sport we döredijilik bilen meşgullanmagyna, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzda çaganyň saglygyny goraýyş ulgamyny hünärmenler, halkara talaplara laýyk gelýän zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen yzygiderli üpjün etmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.
Okuw sapagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bilen sowal-jogap alşyldy. Şeýle hem eziz Diýarymyzda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekleri babatda döredilip berilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.