«Ýokary bilimde sanlylaşdyrma, IT we emeli aň» atly okuw sapagy geçirildi

17

16-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Fulbright» alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni, doktor Melda Ýyldyzyň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda STEM (ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika) ugurlary boýunça «Ýokary bilimde sanlylaşdyrma, IT we emeli aň» atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda okatmagyň STEM ulgamynyň bilim ulgamynda ulanylmagynyň aýratynlygy we onuň bilimi sanlylaşdyrmakda emeli aň bilen bilelikde peýdalanylmagy barada giňişleýin gürrüň berildi. STEM taslamalary ýaşlara diňe bir teoriki bilimi däl, eýsem, amaly başarnyklary hem öwredýär. Bellenilişi ýaly, taslama esasly okatmak usullary ýaş nesliň bilime bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar.
Okuw sapagynyň barşynda oňa gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyran soraglara täsirli jogaplary aldylar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30