Ylmy-amaly maslahat geçirildi

65

18-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Halkymyzyň medeni mirasy we Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi — dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmegiň ylham çeşmesi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işi umumy mejlisden hem-de «Milli medeniýet we Magtymgulynyň edebi mirasy — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy gymmatlykarynyň özeni», «Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary — şöhratly taryhymyzy öwrenmegiň ylmy taglymaty», «Magtymgulynyň berkarar döwletlilik filosofiýasy — parahatçylygy we agzybirligi pugtalandyrmagyň aýdyň ýörelgesi», «Daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmegiň hem-de okatmagyň usuly esaslary», «Takyk ylymlaryň ösdürilmegi sanly bilimi we programma üpjünçiligini kämilleşdirmegiň esasydyr», «Innowasiýa tehnologiýalaryny kämilleşdirmekde fizikanyň we astronomiýanyň ylmy barlaglarynyň ähmiýeti», «Himiki tehnologiýalary ösdürmegiň hem-de himiýa ylmynyň gazanan üstünlikleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy — himiýa senagatyny ösdürmegiň baş şerti», «Biologiýa ylmyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we biotehnologiýanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy», «Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak syýasaty — ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini ösdürmegiň baş ugry» atly bölümçeleriň 9-syndan ybarat boldy. Olarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, doktorantlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, talyplaryň, şeýle-de, ministrliklerdir pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň 390-dan gowrak çykyşy meýilleşdirildi.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasy bilen medeniýetiň, sungatyň ösdürilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ýollaryň dowamat-dowam bolmagy, şeýle-de, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde köptaraplaýyn çemeleşmeler, bu ugurda ýerine ýetirilen ylmy işler barada çykyşlar diňlenildi. Şonuň ýaly-da, ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy işler boýunça çykyşlar boldy.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaşlykda uniwersitetiň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarydyr kitaplarynyň, milli mirasymyzy beýan edýän taslamalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan işläp düzmeleriň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy-bilimi ösdürmek babatda hem-de ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30