Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly maslahat geçirildi

83

27-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygyna, şeýle-de 2024-nji ýylda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan açylan «Arkadag» ýyldyzyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda uniwersitetiň professor-mugallymlary we astronomiýa hünäriniň talyplary çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäginde sanlyja ýyllarda gurlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ulanylmaga berlen «akylly» Arkadag şäheriniň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda Arkadag şäheriniň häzirki wagta çenli 25-e golaý halkara şahadatnamalara, güwänamalara we baýraklara mynasyp bolandygy buýsanç bilen nygtaldy.
Çykyşlarda 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» adynyň goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskopyň, onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynyň taryhy ähmiýete eýe bolup durýandygy buýsanç bilen nygtalyp geçildi.
Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş eden ýokary synp okuwçylaryna we talyplara ýadygärlik sowgatlary hem-de Diplomlar, şeýle hem, Gazagystanyň Respublikasynyň Astana şäherinde Gazagystanyň “Bilim Orkenieti” innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan “Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşiginde I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talybyna ýadygärlik sowgady gowşuryldy.
Uniwersitetiň eýwanynda dabara bilen ugurdaş kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, talyplaryň taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, taslamalarynyň, dürli işläp düzmeleriniň, oýlap tapmalarynyň sergisi guraldy. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi.
Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30