Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi

35

4-nji iýulda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Ylym-bilim — ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň gözbaşy» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň orny, şeýle hem durmuşa geçirýän ýaşlar syýasatynyň ähmiýetli taraplary bilen baglanyşykly çykyş edildi.
Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda mugallymlardyr talyplara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalyk şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasy hem geçirildi.
Uniwersitetiň talyplary tarapyndan «Ylym — bu näme?» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirilip, «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň «Arkadagly Gahryman Serdarymyz», «Türkmeniň», «Türkmen binasy» ýaly aýdymlary çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda 15 — 19-njy iýun aralygynda küşt boýunça 8, 10 we 12 ýaşly türgenleriň arasynda guralan halkara ýaryşda meýletinçilik işlerini ýokary derejede alyp barandyklary üçin iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullaryny ulanmak boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşan uniwersitetiň ýaş mugallymyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomy gowşuryldy.
Aýdym-sazly wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri beýan edildi.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30