Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat

22

27-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli “Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek syýasaty – ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň baş ýörelgesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahat öz işini umumy bölümde we “Täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmeleri – röwşen geljegimiziň kepili”, “Matematika ylmynda gazanylan üstünlikler innowasion tehnologiýalary ösdürmegiň özenidir”, “Takyk ylymlaryň ösdürilmeginde maglumat tehnologiýalaryny sanlylaşdyrmagyň orny”, “Täze tehnologiýalary döretmekde fizikanyň we astronomiýanyň ylmy barlaglarynyň ähmiýeti”, “Durnukly ösüşi gazanmakda himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň orny”, “Türkmenistanda biologiýa köpdürlüligini öwrenmegiň we goramagyň häzirki zaman meseleleri”, “Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmagyň we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň esasy ugurlary”, “Milli bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde türkmen dilini we edebiýatyny öwretmegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ähmiýeti”, “Iňlis dilini öwrenmegiň we terjime etmegiň täzeçil usullary”, “Dünýä dillerini we edebiýatyny öwrenmegi kämilleşdirmegiň innowasion usullary”, “Täze taryhy döwürde maddy we medeni gymmatlyklaryny öwrenmegiň meseleleri”, “Parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynda halkara hukugynyň ösdürilmeginiň orny” atly bölümleriň 12-sinde dowam etdirilip, olarda ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyplaryň, şeýle hemylmy-barlag institutlaryň alymlarynyň we aspirantlaryň çykyşlarynyň 440-a golaýy diňlenildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň bilim özgertmeleri we bu işi täze taryhy döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan giň gerimde alnyp barylmagy, bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, ylmyň gazananlaryny bilim bermekde peýdalanmak, ýurdumyzyň bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, sanly bilim ulgamyna geçmek bilen döwrebap bilim bermekde öňdebaryjy usullaryň ähmiýeti hem-de Alym Arkadagymyzyň kitaplarynyň, köpjiltlik ylmy-ensiklopedik işleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekdäki orny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen özara hyzmatdaşlygyň esasynda bilimli-ylymly nesilleri kemala getirmek baradaky maksatnamalary hem-de bilim ulgamynda alnyp barylýan beýleki işler dogrusynda bellenilip geçildi.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan taslamalaryň hem-de programma üpjünçiligi we işläp düzmeleriň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy, bilimi täze belentliklere ýetirmekdäki we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakdaky tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30