UNICEF: Durmuş işi üçin hünärmenleri üçin okuw maslahaty
6625-29-njy awgust aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (UNICEF) halkara bilermenleri Kseniýa Bogomazowanyň we Anna Titowanyň gatnaşmagynda durmuş işi hünärmenleri üçin okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň maksady durmuş işi hünärmenleri taýýarlamak boýunça sertifikasiýa maksatnamasynyň ikinji tapgyryny geçirmek.
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň we olaryň garamagyndaky edaralaryň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri bilen birlikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nominirlenen mugallymlary S.Kakajykow, D.Baýmyradow we S.Geldiýewa gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.