Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň okuw maslahaty geçirildi
122025-nji ýylyň 1-5-nji sentýabry aralygynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň başlangyçlary” boýunça okuw maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

