Türkmen döwlet uniwersitetinde döwlet sylaglary gowşuryldy
98Şu gün, 20-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şeýle-de Mary welaýatynda zähmet çekýän hem-de aýratyn işjeňlik görkezýän, jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy raýatlar döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen sylaglandylar.
Dabara başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar hem-de bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.
Dabarada edilen çykyşlarda 19-njy sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen täze möhüm çözgütleriň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmekde ýene-de bir kuwwatly itergi beriji güýje öwrüljekdigi aýratyn bellenildi.
Soňra döwlet sylaglary gowşuryldy. Sylaglara mynasyp bolanlar öz işlerine berlen ýokary baha hem-de işlemäge, döretmäge döredilen şertler üçin döwlet Baştutanymyza çyn ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň dosenti Daulbaý Melebaýew we raýat hukugy kafedrasynyň mugallymy Şirmyrat Garaýew döwlet sylaglaryna mynasyp boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň döredijilik toparynyň çykyşlary dabaraly çärä ajaýyp öwüşgin çaýdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.