Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasy geçirilýär
13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan 2025-nji ýylyň 15-17-nji oktýabry aralygynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde geçirilýän Himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýarys.
Olimpiadanyň resmi iş dilleri - türkmen, iňlis we rus dilleri.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde A we B derejede geçiriler:
a) A derejä himiýa hünärinde, şeýle-de islendik hünärde okaýan (bakalawr derejesi boýunça I-IV ýyl, hünärmen derejesi boýunça I-V ýyl) talyplar gatnaşyp bilerler.
b) B derejä hünär ugry himiýa bolmadyk talyplar gatnaşyp bilerler.
Olimpiada bir tapgyrda geçiriler:
a) A dereje ýazmaça görnüşinde geçiriler.
b) B dereje test görnüşinde geçiriler.
Çagyrylan her ýokary okuw mekdebinden her dereje üçin gatnaşyjylaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünärmen derejelerinden) we bir ýolbaşçydan (4+1 görnüşinde) geçmeli däl.
Olimpiadanyň ýeňijilerine diplomlar we medallar gowşurylar.
Olimpiada gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertli umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda ugradýan tarapyň hasabyna tölener.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänler ýokary okuw mekdebiniň resmi haty arkaly toparyň düzümi baradaky maglumaty, şeýle hem doldyrylan hasaba alnyş kagyzyny, şahsy kagyzyny we daşary ýurt passportynyň nusgasyny olimptsu@gmail.com elektron salgysyna ibermeli.
Hasaba alnyş 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli dowam eder.
Olimpiadanyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin ŞU ÝERE basyň.