«Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahaty
9Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2025-nji ýylyň 15-17-nji oktýabrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Aşgabat şäherinde geçiriljek himiýa dersi boýunça IV halkara olimpiadasynyň çäginde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny utgaşykly görnüşinde geçirmegi meýilleşdirýär.
Maslahatyň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
Maslahat umumy mejlisde we 2 bölümde öz işini alyp barar:
I bölüm: Himiýany okatmagyň innowasion usullary.
II bölüm: Himiýa ylmyny ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny.
Maslahata gatnaşmak üçin çykyşyň gysgaça beýanyny, annotasiýany, hasaba alyş kagyzy we daşary ýurt passportyň nusgasyny 2025-nji ýylyň 20-nji sentýabryna çenli Guramaçylyk toparynyň tsu.international.conference@gmail.com elektron salgysyna ibermeli. Çykyşlaryň gysgaça beýanlarynyň möçberi 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanlarynyň elektron ýygyndysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyjylaryň zoom salgylanmasy goşmaça iberiler.
Maslahata daşary ýurtlardan gelýän gatnaşyjylaryň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň amatly şertleri bolan umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamagy, naharlanmagy, şeýle-de Aşgabadyň çägindäki ýol harajatlary kabul edýän tarapyň hasabyna, Aşgabada gelmek we gitmek bilen bagly harajatlar, şeýle hem aýratyn ýagdaýda, gatnaşyjynyň myhmanhanada ýerleşmek islegi bar bolan halatynda, ugradýan tarapyň hasabyna tölener.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň şertleri bilen tanyşmak üçin ŞU ÝERE basyň.