«Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukugy boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi» atly umumy okuw sapagy geçirildi

87

22-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Türkmenistandaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Mihail Rahmanowyň alyp barmagynda «Türkmenistanyň halkara ynsanperwer hukugy boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi» atly umumy okuw sapagy geçirildi.
Umumy okuw sapagynda Mihail Rahmanow Bitarap Türkmenistan hoşniýetli parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine esaslanmak bilen, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde halkara ynsanperwer hukugy ugrunda alyp barýan işleri barada belledi.
Bu ugurda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty hazirki zaman jemgyýetçiliginde mynasyp orna eýe bolýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň çäginde sebit we dünýä döwletlerine ynsanperwer kömeklerini bermek, şonuň ýaly-da, döwletara gatnaşyklarynda halkara ynsanperwer hukugynyň talaplarydyr kadalaryna eýerýändigi bellenilip geçildi.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30