Türkmen döwlet uniwersitetinde ylmy-amaly maslahat geçirildi

154

Şu gün, 24-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy — Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň berk binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahat öz işini umumy mejlisde, şeýle hem «Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgalyk taglymatydyr», «Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, medeni mirasyny öwrenmekde gazanylan üstünlikler», «Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek syýasaty türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň baş ýörelgesidir», «Täze taryhy döwürde iňlis dilini we edebiýatyny okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň ýollary», «Hünär ugry boýunça daşary ýurt dillerini täzeçil usullar arkaly öwretmegiň meseleleri», «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň aýdyň ýoly», «Takyk ylymlar ulgamynyň ösdürilmeginde matematikanyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Maglumat ulgamynyň we kompýuter tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi — sanly bilimi ösdürmegiň esasy şerti», «Tebigy we takyk ylymlar ulgamynyň ösdürilmeginde fizikanyň we astronomiýanyň ylmy-barlag işleriniň orny», «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň häzirki zaman usullary», «Türkmenistanyň biodürlüligini gorap saklamagyň we köpeltmegiň ileri tutulýan meseleleri», «Ýaşlaryň ekologiýa biliminiň we medeniýetiniň ösdürilmegi — tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmagyň möhüm şerti» atly bölümleriň 12-sinde dowam etdi.
Maslahatda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriniň hem-de talyplarynyň, şonuň ýaly-da, beýleki bilim-ylym edaralarynyň hünärmenleriniň, alymlarynyň, ylmy işgärleriniň ylmy nutuklarynyň 430-dan gowragy diňlenildi.
Maslahat bilen ugurdaş uniwersitetiň eýwanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň monografiýalarynyň hem-de makalalar ýygyndylarynyň we talyplar tarapyndan taýýarlanylan taslamalaryň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30