Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahat geçirildi
25Şu gün, 29-njy sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy tarapyndan «Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň baş ýörelgesi» atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk we ynanyşmak esasynda birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini belläp geçdiler. Bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda sebitara, yklym hem-de ählumumy meseleleri netijeli çözmäge gönükdirilen iňňän oýlanyşykly başlangyçlary öňe sürmegi dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etjek tutumly işlere uly itergi berjekdigi buýsanç bilen bellenildi.
Maslahatyň ahyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmelerini wasp edýän aýdym ýerine ýetirildi.
Uniwersitetiň eýwanynda maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, professor-mugallymlaryň kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, şeýle hem talyplaryň halkara we döwlet derejesinde ylym, bilim, taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.