«Zenan — Zemin zynaty» atly çäre geçirildi
599-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň» çäklerinde «Zenan — Zemin zynaty» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýokarda ady agzalan Milli Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleleri öz içine alan wagyz-nesihat çaresine uniwersitetiň mugallymlarydyr talyplary, syýasy partiýalaryňdyr iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralarynyň wekilleri we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda Milli Meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, alnyp barylýan işler barada giňişleýin durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, konstitusion ýörelgelere esaslanyp, Türkmenistanda gender ugurly işjeň milli syýasat durmuşa geçirilýär. Döwletimizde gender deňligi barada kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edilip, erkekler bilen aýallaryň deň mümkinçiliklerini üpjün etmegi göz öňünde tutýan birnäçe çäreler geçirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen zenanlarynyň döwletimiziň syýasy, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy arzuw edildi.