Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Ähtnamalara gol çekildi

131

Şu gün, 10-njy oktýabrda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň dowamynda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama”, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga” we “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ankara Sosial bilimler uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekmek dabaralary geçirildi.
Dabaralarda bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak, ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk arkaly ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak täze taryhy döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp hünärmenleri taýýarlamakda uly orna eýe bolýar. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30