B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi
73Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hoşniýetli daşary syýasaty esasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary günsaýyn ýokarlanýar. Halkara hyzmatdaşlygyň esasynda durmuşyň dürli ugurlarynyň çäginde bilim ulgamynda hem öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenilip, ýurdumyzyň bilim bermekligi kämilleşdirmek boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär.
11-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşýan Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň rektory Badma Salaýew bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar özara tejribe alyşmak arkaly okatmagyň döwrebap usulyýetini ornaşdyrmak, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini kämilleşdirmek, okuw dersleriniň okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw-usuly we ylmy-usuly gollanmalaryny, ylmy neşirleri we okuw kitaplaryny alyşmak bilen birlikde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, mugallymlary we talyplary akademiki alyş-çalyş etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şonuň ýaly-da, Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersitetiniň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, magistrleriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda duşuşyga gatnaşyp, olar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebiniň gurluşy, bilim bermegiň ugurlary, alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, geljekde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary, bilim alýan talyplary barada gürrüň berdiler.
Geçirilen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döwletleriň arasynda bilim-ylym babatdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde, häzirki zaman jemgyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan tutumly işler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.