“Talyp gözeli – 2021” gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

1748

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda  Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji martynda “Talyp gözeli – 2021” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny aýdym, goşgy, sahna eserlerinde wasp etdiler. Olar türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek, keşde çekmek arkaly hünär ussatlyklaryny açyp görkezmek şertleri boýunça bäsleşdiler.
Gözellik bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa Baş baýraga mynasyp boldy.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30